Dünýäde heniz doly üsti açylmadyk 9200 agaç görnüşi bar

Dünýäniň dürli künjeklerinden 100-den gowrak alymyň gatnaşmagynda dünýäniň iň uly tokaý maglumatlar binýadyny döretmekde geçirilen täze gözlegde dünýäde häzirki wagtda 73274 agaç görnüşiniň bardygyny we takmynan 9200 görnüşiň entek doly tapylmandygy çak edilýär.

 Alymlaryň bu global çaklamasy, häzirki wagtda bilinýän agaç görnüşleriniň sanyndan takmynan 14% ýokarydyr. Gözlegiň netijesi, açylmadyk görnüşleriň köpüsiniň seýrek duş gelýändigini we görnüşiniň juda azdygyny görkezýär. Alymlar täze açyşlaryň tokaýlary goramak başlangyçlaryny ileri tutmaga kömek etjekdigini aýdýarlar.

Miçigan uniwersitetiniň tokaý ekology we «PNAS» žurnalynda neşir edilen gözlegiň iki uly ýazyjysynyň biri Piter Reýh: «Bu netijeler dünýädäki tokaý biodürlüligine antropogen faktorlaryň täsir edýändigini görkezýän üýtgemelerdir.» – diýip, belleýär.

Täze gözlegde, gözlegçiler ýeriň çeşmesindäki tokaý meta-analiz maglumatlaryny ulanyp, iki sany global maglumatlar toplumyndan agaçlaryň bollugy we ýüze çykmagy baradaky maglumatlary birleşdirdiler. Bu maglumat bazalary birleşdirilip, dünýäde jemi 64100 resmileşdirilen agaç görnüşiniň bardygynyň üsti açyldy.

Ysmaýyl ANNAGULYÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok