Ýagyş barada gyzykly maglumatlar

  • Ýagşyň ýakymly ysy diýip bilýänimiz, aslynda aktino we sianobakteriýalary döredýär. Hakykat-da ýagşyň ysy ýok. Ýagşa ys berýän madda geosim diýip atlandyrylar.
  • Kubada döwletinde ýagyş diňe öýlän, Tailandda bolsa diňe gije ýagýar.
  • Takmynan 100 milliondan bir adamda ýagşa garşy allergiýa bolýar. Sebäbi ýagşyň her bir damjasy bedene düşende, adam bedeni gyzarýar we çişýär. Eger-de beýle adamlar ýagşyň aşagynda galsalar gürrüňsiz ölýärler.
  • Portugaliýada adamlar ýagyş sebäpli  işden galýarlar.
  • Howa maglumatynyň radioda aýdylmagyna hem ýagyş sebäp bolupdyr. Ýagny amerika radiostansiýanyň  ýolbaşçysy ýagşyň aşagynda galandan soňra, ýagyş hakynda bir gije-gündiziň dowamynda birnäçe gezek howa maglumatynyň aýdylmagyny ýola goýupdyr.
  • Çerapundja (Hindistan) dünýädäki iň ýagyşly şäherdir. Bu ýerde ýylda 26460 mm ýagyş ýagýar.
  • Gury Bostswanada adamlar biri-biri bilen ,,Pula’’ diýip salamlaşýarlar, ýagny bu sözüň manysy ,,Ýagyş’’ diýmekdir. Mundan başgada bu döwletiň pul birligi hem ,,Ýagyş’’diýip atlandyrylýar.
  • Her ýylda ýere 519000 km3 ýagyş ýagýar (Her 1km3 bu 1milliard tonna suwa deň).
  • Ugandada adamlary ýyldyrym bilen gorkuzup bolmaýar. Sebäbi ol ýerde ýylda 250 gezek ýyldyrym çakyp, ýagyş ýagýar.
  • Para şäherinde ýagşa görä sagadyň  wagtyny sazlaýarlar, sebäbi ol ýerde ýagyş günde şol bir wagtda ýagýar.

Aýmyrat HUDAÝBERDIÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok