- Täze dünýä inen bäbekler ýaşyl we gyzyl reňkleri saýgaryp bilýärler.
- Ekiz bäbekleriň iň köp dünýä inýän ýurdy Nigeriýadyr.
- B.e.öňki 1000 ýyllyga degişli bolan çaga oýnawajy iň gadymy çaga oýnawajy hasaplanylýar.
- “Eje” we “Kaka” sözleri dünýäniň köp ýurtlarynda bir meňzeşdir.
- Şwesiýa döwletinde mahabat üçin 12 ýaşa ýetmedik çagalary peýdalanmak gadagan edilýär.
- Çagalar bir wagtyň özünde 5 zat bilen meşgullanyp bilmek ukyplary bardyr.
- Täze doglan bäbekler ýanwar we mart aýlarynda köp dünýä inýärler.
- Belgiýada çagalary mekdebe 3 ýaşdan kabul edip başlaýarlar.
- Täze doglan çagalar gök reňki görüp bilmeýärler.
- Dört ýaşynda çagalar bir günde ortaça 900-den gowrak sowal berýärler.
- Täze dünýä inen bäbegiň elleri bir aýlyk bäbegiň elinden has güýçli bolýar.
- Çagalara futbol oýnamagyny gadagan etmek Braziliýada iň ýakymsyz temmi hasaplanylýar.
- Hytaýda körpeje çagalary 2 aýlyk döwründen çagalar bagyna kabul edip başlaýarlar.
- Kompýuterde dürli oýunlary oýnamagy halaýan çagalar beýleki çagalara garanyňda okamagy we ýazmagy tiz öwrenýärler.
Bägül ÝEGENMYRADOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler