«Ýaş telekeçiler merkeziniň» duşuşygy geçirildi.

Türkmen Döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda TSTP-nyň «Ýaş telekeçiler merkeziniň» duşuşygy geçirildi.


Merkeziň ýolbaşçysy Rahymberdi Kerimow Türkmenistanyň Ýaşlar syýasatyny durmuşa geçmek barada TSTP-nyň alyp barýan işleri bilen tanyşdyrdy.


Şeýle-de TSTP-nyň işgäri we InAshgabat portalynyň redaktory Merdan Ataýew öz alyp barýan işleri barada gürrüň berdi. Maglumat paýlaşmagyň hukuky, etiki we jemgyýetçilik taraplaryny mysallar arkaly düşündirdi.


TSTP-nyň «Ýaş telekeçiler merkezi» ýaşlary telekeçilige çekmek, hünär ezberligini gazanmak ugrunda Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul eden «Ýaşlar syýasatynyň» çäklerinde birnäçe işleri alyp barýar. Türkmenistanyň ýokary mekdepleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär.

Teswirler

Suleiman

Dushushyk diysen tasirli gecdi dowamyna garasyars