Ýumurtga hakynda gyzykly maglumat

  • Ýumurtganyň ululygy towugyň ýaşyna bagly bolýar.
  • Kolibri guşunyň ýumurtgasy dünýäde iň kiçi ýumurtga hasaplanyp, onuň ululygy noýbadan hem kiçidir.
  • Ortaça bir ýumurtgada 186 milligram holesterin bar.
  • Ýumurtganyň gabygynda 7 müň we 17 müň aralygynda gözenek bolýar.
  • Hytaýda ýylda 30 million tonna ýumurtga öndürilip, bu dünýädäki ýumurtga önümçiliginiň 40%-e deňdir.
  • Ortaça sagdyn towuk ýylda 250-270 ýumurtga berýär.
  • Ginnesiň rekordlar kitabynda girizilen dünýädäki iň agyr towuk ýumurtgasynyň agramy takmynan 454 gramdyr.
  • Ýumurtganyň düzümindäki holin elementi ýatkeşligi gowulandyrýar.
  • Dünýädäki jan başyna iň köp ýumurtga iýilýän döwlet ABŞ-dyr.
  • Iýmit hökmünde iýilýän ýumurtganyň 60-90 gramy balygyň ýa-da ak etiň ornuny tutup biler.
  • Ýumurtganyň düzümi ýokumly maddalara baý bolup, öz düzüminde A, D, E witaminleri, demir, fosfor, tiamin, ribofawin we niasin ýaly maddalar saklaýar.

Mähri MUMINOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok