Türkmen alabaýy «Top Dog Tatarystan — 2021» atly itler bäsleşigine gatnaşdy

Akdus atly türkmen alabaýy Kazanda geçirilen «Top Dog Tatarystan — 2021» atly itler bäsleşigine gatnaşdy. Türkmen alabaýy Akdusyň düşürilen wideosy Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň sosial ulgamdaky sahypasynda ýerleşdirildi. Bu widoşekillerde Akdusyň itşynas hünärmen bilen aýlaw meýdançasynda ylgaýşy we söweş ukybynyň barlanyşy ýaly pursatlar bar.

Belläp geçsek, Akdus heniz güjüjekkä Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowa sowgat beripdi. Tatarystanyň Prezidenti türkmen alabaýyna Akdus adyny dakypdyr, bu at tatar dilinden terjime edilende «Ak dost» diýmegi aňladýar.

Tatarystan Respublikasynyň Itşynaslar federasiýasy şeýle-de «Kazan Expo» tarapyndan guralan «Top Dog Tatarstan — 2021» bäsleşigi «Kazan Expo» halkara sergi merkezinde geçirildi.

Çäräniň maksatnamasy Halkara Itşynaslar Federasiýasynyň toparlary boýunça ähli tohuma degişli itleriň gözden geçirilişini, Tatarystan boýunça 2021-nji ýylyň iň gowy itini saýlamagy we Tatarystan Respublikasynyň Itşynaslar Federasiýasynyň öňdebaryjy tohumçylarynyň gatnaşmagynda tohum seljeriş işini öz içine alýar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok