Aşgabatda talyplaryň arasynda sanitar toparlaryň bäsleşigi geçirildi

2019-njy ýylyň noýabr aýynyň 19-da Aşgabat şäherindäki Galkynyş sport mekdebinde “Iň gowy taýýarlykly sanitar topar” atly bäsleşik geçirildi.

Bäsleşige Aşgabat şäherinde ýerleşýän 6 ýokary okuw mekdepleriniň sanitar toparlary gatnaşdy. Ýagny:
​- Halkara​ ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti,
​- Magtymguly​ adyndaky Türkmen Döwlet uniwersiteti,
​- Halkara​ nebit we gaz uniwersiteti,
​- Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýa instituty,
​- Türkmen​ Döwlet​ Maliýa instituty,
​- Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş insituty​;

​Bäsleşigiň jeminde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti ýeňiji boldy. Ykdysadyýet we dolandyryş instituty ikinji orun eýeledi. Üçünji orny Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti we Halkara Nebit we gaz uniwersiteti paýlaşdy.

​Bäsleşik dört tapgyrda geçirildi:

1-nji tapgyr: Sanitar toparyň üpjünçiligini barlamak, her topar sanitar torbasynyň içindäki serişdeleriniň niýetlenilşini​ düşündirmeli​, ejir çekenler alyp gitmegiň usullaryny görkezmek.
2-nji tapgyr: Şikes alanlara ilkinji saglygy goraýyş kömegini bermek (nazaryýet) Her topardan biri bilet çekýär we jogap berýär.
3-nji tapgyr: Şikes alanlara ilkinji saglygy goraýyş kömegini bermek (amaly) bilet çekmeli we toparlaýyn ýumuşy ýerne ýetirmeli.
4-nji tapgyr: Gaza garşy şahsy gorag serişdelerini geýmek.

Aşgabat şäher häkimliginiň guramagynda geçirilen bäsleşigiň guramaçylyk işlerinde Aşgabat şäher Saglygy goraýyş müdirligi, Aşgabat şäher raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirligi, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýeti we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň merkezi geňeşi hyzmatdaşlyk etdi.

Ýeňijilere Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Aşgabat şäher raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň göçme kubogy bilen sylaglandy we üstünlikli çykyş eden toparlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň we Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň sowgatlary gowşuryldy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok