Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda esaslandyran häzirki ajaýyp zamanasynda – Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň we tutuş Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň sarpasy diýseň belentden tutulýar. Çünki, milli Liderimiz özüniň Magtymguly Pyraga bagyşlap ýazan «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly ajaýyp kitabynda: «Magtymguly Pyragy sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galan beýik akyldar şahyrdyr. Magtymguly döwürdeşlerini, halky adalatly jemgyýetiň, bagtly ýaşaýşyň gözbaşynyň nämedigine düşünmäge, millet hökmünde özüni tanamaga ugrukdyrdy. Öz iliniň asuda, parahat durmuşda ýaşamagyny, ylymly-bilimli bolmagyny, medeniýetiniň beýgelmegini arzuwlan beýik şahyr halkyna pähim-parasatdan we şirin duýgulardan püre-pür bolan ajaýyp şygyrlar hazynasyny miras galdyrdy.» – diýip bellemeklik bilen, türkmeniň beýik akyldar ogluna goýýan hormatynyň çäksizdigini aýan edýär. Hut şu nukdaýnazardan-da, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Magtymguly Pyragynyň ýubileý ýyllaryny bellemeklik Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň asylly däbine öwrüldi.
«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly» diýlip atlandyrylan şu ýylymyzyň başynda – 12-nji fewralynda Gahryman Arkadagymyzyň Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýini 2024-nji ýylda geçirmek we bu şanly senäni ýokary derejede guramaçylykly bellemek boýunça guramaçylyk toparyny döretmeklik we onuň düzümi tassyklamaklyk barada ýörite Karara gol çekmekligi bütin türkmen halkynyň ruhuny galkyndyrdy.
Beýik şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmek meseleleri alymlaryň őňünde keserip dur. Şahyryň edebi mirasynyň ylmy nukdaýnazardan őwrenilmegi űçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow giň műmkinçilikleri dőretdi. Beýik söz ussadynyň edebi mirasy türkmen ýaşlary üçin watansőýüjiligiň, asyllylygyň we ruhubelentligiň nusgasydyr. Onuň eserleri umumadamzat ahlak gymmatlyklarynyň — Watanymyzy we halkymyzy çäksiz söýmegiň, dostlugyň we wepalylygyň, ar-namysyň we belent mertebäniň senasy bolup ýaňlanýar.
Annagulyýewa Amantäç
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.
Teswirler