“Aşgabadym-waspyň etsem şygrymda” döredijilik bäsleşiginiň sylaglandyryş dabarasy geçirildi

Düýn, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň şeýle-de “InAshgabat” onlaýn portalynyň bilelikde gurnamagynda Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli döredijillik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda yglan edilen “Aşgabadym-waspyň etsem şygrymda” atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynyň kiçi mejlisler zalynda geçirilen sylaglandyryş dabarasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiriniň açylyş sözleri bilen başlady.

Çärede ikinji bolup söz nobatyny “InAshgabat” onlaýn portalynyň redaktory Merdan Ataýew dowam etdirdi. Redaktor çäre gatnaşyjylary ilki bilen ýetip gelen baýramçylyk bilen gyzgyn gutlady. Şeýle ýaryşlara işjeň gatnaşýandyklary üçin ýaşlara hem-de şeýle bäsleşikleri gurnamakda ýakyndan ýardam berýändigi üçin TMÝG-a öz minnetdarlyk sözlerini aýtdy. Hem-de ýaryşda ýeňiş gazananlary baýrakly orunlary bilen gutlady.

Duşuşygyň ahyrynda ýaşlaryň ýürek buýsanjy diňlenildi we olar bilen söhbetdeşlik gurnaldy.

Şeýle-de:
Üns beriň: Sylaglandyryş dabarasy! (sanaw)
Bäsleşigiň düzgünnamasy

Teswirler

No Name

Ozunizaa gyzgyny bn diydiniz. Sonam 1 gun gija galyanyz.