Bäsleşige: “Aşgabat” (goşgy)

«Aşgabadym-Waspyň etsem şygrymda» bäsleşigine

Arkadagyň sungatynyň nyşany,
Haýran galýar seni gören Aşgabat!
Täsin baglar bezär degre-daşyňy,
Ynsanlara lezzet beren Aşgabat!

Çyralaryň täsin şugla-nur salar,
Ajaýyp suw çüwdürimler saz çalar,
Seni görmedikler armanda galar,
Gözelligiň gözbaşy sen Aşgabat!

Gök guşakda işler barha ilerläp,
Ekilip dur baglar, ýüzläp däl müňläp,
Otysyň arada şemal sereňläp,
Täsin howaň jana şypa Aşgabat!

Beýik-beýik binalaryň hatary,
Öňküden has zybalaýar Watany.
Garaşsyz halkymyň lezzet tapany,
Sen bolupdyň bolarsyň hem Aşgabat!

Bulutlara ýetýär binalaň başy,
Haýrana goýýarsyň ýakyny-daşy,
Sen bütin dünýäniň merjenden gaşy,
Äleme görelde nusga Aşgabat!

Gijeleri gündizden hem ýagtydyr,
Bagtyýar döwrany sürmäň wagtydyr,
Bu türkmen halkynyň çüwen bagtydyr,
Berkarar döwletiň nury Aşgabat!

Gytja ATDAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara
žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok