Bäsleşige: “Aşgabat” (goşgy)

«Aşgabadym-Waspyň etsem şygrymda» bäsleşigine

Ak binalaň bir-birinden görkana,
Akja kepderiler uçar asmana,
Waspyň ýazsam soňlanmajak dessana,
Waspyňa söz ýetmez gözel Aşgabat.

Görseň haýran eder giň şa ýollary,
Saňa myhman geler sagy-sollary,
Sende birigendir dostlyk gollary,
Dost doganlyk merkezi sen Aşgabat.

Ylham seýilgähi açar göwniňi,
Oňa baranlaryň joşar ylhamy,
Sen dünýäniň duranja bir göwheri,
Aziýanyň merjeni sen Aşgabat.

Haýrana galdyrar suw çüwdürimler,
Baga seýle çykar türkmen gözeller,
Haýrana galdyrar baryp görenler,
Älem haýran seň durkuňa Aşgabat.

Parahatlyk ynanyşmaklyk ýylynda,
140 ýyllygyň halkyň ýaňynda,
Arkadagyň şanly nazary sende,
Arkadagyň ylhamy sen Aşgabat.

Nuryýewa Söýli
Balkan welaýat maliýe-ykdysady orta
hünär okuw mekdebiniň II ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok