Bäsleşige: “Aşgabat” (goşgy)

«Aşgabadym-Waspyň etsem şygrymda» bäsleşigine

Ýüz kyrk ýyl şanyňa ýazylypdyr söz,
Menem ýazsam seniň üçin ençe gez.
Bärden gaýdýar her bir setir, her bir söz,
Arkadagyň sungaty sen Aşgabat!

Ýyllar seni öwüripdir mermere,
Arkadagym ýetiripdir göwhere,
Diller taryplaýar seni buýsana,
Arkadagyň sungaty sen Aşgabat!

Akguşlaryň jana lezzet owazy,
Başym sypar seýilgähleň şemaly,
Leýli saçlaň näzli gelýär mukamy,
Arkadagyň sungaty sen Aşgabat!

Musa Pirmämmedow
Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen
13-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok