Bäsleşige: Aşgabat! (goşgy) -Sülgün Bazarowa

«Aşgabadym-Waspyň etsem şygrymda» bäsleşigine

Aşgabat!

Gözel görküň arzuwlarmyň tugrasy
Wysal berdi ak säheriň, Aşgabat!
Her binaň binýady bagtyň şuglasy,
Ak bagtymsyň ak şäherim, Aşgabat!

Ak niýetden boglan ter bägülleriň
bilen bezediň sen ömrüň günlerin.
Men görküňe aşyk, waspçy dilberiň,
Gök asmany päk şäherim, Aşgabat!

Goýnuň dört pasylda bahar içinde,
Söz tapman waspyňa dahan içinde,
Bu ümmülmez älem-jahan içinde,
Deňi taýy ýok şäherim, Aşgabat!

***

Paýtagt tagtdan paý diýmekdir, aslynda…
Kakamyrat Rejebow

Sen türkmene tylla tagtdan bir paýsyň,
Jahana ýaň salýar adyň, Aşgabat!
Asyrlara ýyllaň bagt nurun çaýsyn,
Gowşamasyn bedew badyň, Aşgabat!

Däbine eýerip Gorkut boýlaryň —
Söwüş edip burma şahly koýlaryn,
Türkmen toýlanynda goşa toýlaryn,
Myhman bolsun ýakyn-ýadyň, Aşgabat!

Özünden owadan görküňden ýaňa,
Aýly agşam aşyk bolupdyr saňa.
Gündiz deý gijäňde syýa sen maňa,
Ylham badym,
göwün şadym,
Aşgabat!

Sülgün BAZAROWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary
we ösüş uniwersitetiniň
žurnalistika hünäriniň talyby

Teswirler

Mahri

Sulgun Bazarowa doredijilik yolunyzda ustunlik. Goşgularynyzy söýüp okaýan. Juda gowy düzülen

Myrat Öwezow

Berekella. Sülgün Bazarowa bu bäsleşikde uly üstünlik arzuw edip baýrakly ýerlere mynasyp bolmagyny çyn ýürekden arzuw etýän.