Meşhur “Nutella” şokolady barada

Nutella- italýan hoz tagamly şokolad kremi. 1946-njy ýylda Petro Ferrero tarapyndan “Janduýa” atly ýumşak şokoladlar öndürilip başlanýar.

Uruşdan soňky ýyllarda Italiýa getirilýän kakaonyň möçberi azaldylmagy sebäpli kakao kremine şol töwereklerde ýetişdirilýän hozlar goşulyp başlandy. Ýumşak hoz tagamly şokolad ýerli çagalaryň isleg bildirýän önümine öwrüldi. Nutella kreminiň döremegine şowlulyk diýsek-de ýalňyşmarys. Ferrero uly möçberde sargalan şokolady taýyn edenden soň, ertesi onuň erändigini gördi. Bu ýagdaýdan çykmak üçin ol aýalynyň kesip oturan ýuka çöregine erän şokolady çalyp myhmanlara hödürläp gördi. Çörege çalynan hoz tagamly şokolad kremi hemmesiniň göwnünden turdy. Bu ýagdaý dünýä meşhur Nutella kreminiň döremegine getirdi. Şondan soň Ferrero Nutella kremini hem öndürip başlady. 

Häzirki wagtda özüniň şokolad kreminden başga-da Ferrero kompaniýasy özüniň meşhur “Kinder” şokolady, “Tik-Tak” şeýle-de “Raffaello” süýjileriini öndürýär.

Aýlar ÇARYÝARGULYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.

.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok