2019-njy ýylyň oktýabr aýynyň başynda BMW kompaniýa özüniň güýçlendirilen krossowerlerini BMW X5M(F95) we BMW X6M(F96) we bularyň Competition görnüşlerini görkezdi.
Biz size täze BMW X5 barada maglumat ýetiripdik. Habarymyzyň ahyrynda BMW X5M modeli geljekde görkeziler diýipdik. Ine 2019-njy ýylyň oktýabr aýynda bolsa BMW kompaniýa X5M we X6M modellerini görkezdi.
Ilkinji bilen M sözi nämäni aňladýanyny aýdyp geçeliň. 1960-1980 ýyllarda awtomobil sportynyň ösüp başlan döwürleridi. BMW kompaniýa hem bu sporta gatnaşmak maksady bilen 1972 ýylyň maý aýynda Motorsport GmbH atly aýry kompaniýa döredýär. Ilkinji M atly awtomobili bolsa BMW M1 modelidir. 1993 ýylda bolsa kompaniýanyň adyny BMW M GmbH adyna öwrülýär.
BMW X5M özüniň daş keşbiniň dizaýny boýunça agressiw öňki we yzdaky bamperleri bilen adaty X5 den tapawutlanýar. Ýörite M modeli üçin 21 dýumlyk täze dizaýnly diska we M modellerine mahsus bolan gapdal aýnalary hem tapawutlanýar. Şol wagtyň özünde diňe BMW X5M Competition modeli hem görkezildi. Bu bolsa has hem güýçlendirilen görnüşdir. Ýörite Competition modeli üçin öňki tekeri 21 dýumlyk yzky tekerleri bolsa 22 dýumlyk diska hödürlenýär.
BMW X5M (F95)- 4,4 litr V8 Twin Turbo motor bilen üpjin edilip 600 at güýç 750NM barabardyr. Ilkinji 0-100 km/sag bu krossower 3,9 sekuntda bad alýar. 0-200 km/sag bolsa 13,7 sekunt gerekdir. Bu görkeziji örän güýçliligini görkezmek üçin Toyota Prado mysal alamyzda 2,7 litr benzin motor bilen üpjün edilen Prado ilkinji 100 km/sag tizligi 13,8 sekunt gerekdir.
BMW X5M Competition- 4,4 litr V8 Twin Turbo motor bilen üpjün edilip 625 at güýje barabardyr. Bad alyşy 0-100 km/sag tizlige 3,9 sekunt bolup, 0-200 km/sag bolsa 13,2 sekunt gerekdir. Ýokary tizligi 290 km/sag barabardyr.
BMW X6M daş keşbiniň dizaýny boýunça kupe görnüşli krossower bolup agressiw bamperleri bilen yzy bolsa BMW M8 çalymdaşdyr. BMW X6M tehniki görkezijisi boýunça BMW X5M meňzeşdir. 4,4 litr motor V8 Twin Turbo bolup 600 at güýçe barabardyr. BMW X6M Competition hem 4,4 litr V8 Twin Turbo motor bolup 625 at güýje barabar.
BMW X5M 2020-nji ýylyň aprel aýynda Ýewropa ýurtlaryna satlyga başlar. Başlangyç baha 125.000 ýewro barabar bolup, Competition görnüşi 135,000 ýewrodan başlaýandyr.
BMW X6M 2020-nji ýylyň aprel aýynda ABŞ-da satlyga başlar. Başlangyç baha 108,600$ bolup, Competition görnüşi bolsa 117,600$ barabardyr.
Teswirler
yetirip dur sheyle makalalary!
Gowy makala eken sag bol awtor!