Bagtyň açary – saglyk

Ýurdumyzda halkymyzyň sagdyn ýaşaýşyny üpjün etmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Bu bolsa, hormatly Prezidentimiziň saglygy goraýyş ulgamyny ylmy esasda ösdürmek, dünýä döwletleriniň bu ugurda gazanan tejribelerini öwrenmek we olar bilen hyzmatdaşlyk etmek ýaly başlangyçlary bilen berk baglanyşyklydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, ýurdumyzda “Saglyk” döwlet maksatnamasynda kesgitlenilen saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny ösdürmäge, jemgyýetimiziň sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmäge hem-de halkymyzyň saglygyny berkitmäge gönükdirilen esasy ugurlar boýunça işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu ulgam innowasiýalar we dünýä ylmynyň öňdebaryjy gazananlary esasynda uly ösüşlere eýe bolýar.

Aşgabat şäherinde, welaýat merkezlerinde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň talaplaryna hem-de halkara ölçeglerinde doly laýyk gelýän saglygy goraýyş we anyklaýyş merkezleri, hassahanalar bina edildi. Her bir etrapda, şäherdir obalarda döwrebap Saglyk öýleri guruldy. “Arçman”, “Ýyly suw”, “Baýramaly”, “Farap”, “Mollagara”, “Berzeňňi”, “Daşoguz”, “Awaza” şypahanalarynyň işi talabalaýyk ýola goýuldy.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli lukmançylyk pudagy hil taýdan täze derejelere çykdy. Milli saglygy goraýyş ulgamyna gönükdirilýän ägirt uly maýa goýumlar, toplumlaýyn maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi, ony dünýä ölçegleriniň we häzirki zaman talaplarynyň ýokary derejesine çykarmaga itergi berýär. Durmuşa ornaşdyrylýan işleriň netijesinde, birnäçe howply keselleriň öňüniň alynmagynda gowy netijeler gazanyldy. Saglygy goraýyş ulgamynyň öňdebaryjy halkara guramalary tarapyndan Türkmenistan çilimkeşlige garşy göreşmek boýunça öňdebaryjy ýurtlaryň biri hökmünde kabul edildi. Döwletimiz temmäki tüssesinden azat döwletleriň birine öwrüldi. Ýurdumyzda köp sanly ýokanç keselleriň ýok edilendigi hakyndaky halkara şahadatnamalar Türkmenistanyň milli lukmançylyk pudagynyň gazanýan üstünlikleriniň jedelsiz ykrarnamasyna öwrüldi.

Her ýylyň 21-nji iýulynda ýurdumyzda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň yokary derejede bellenip geçilmegi, saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan tutumly işleriň barha rowaçlyklara beslenýändiginden habar berýär. Umuman, saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan işleriň, gazanylýan üstünlikleriň, özgertmeleriň kerweni gün geçdigiçe uzap barýar. Şeýle ajaýyplyklara şaýat bolup durkaň, Gahryman Arkadagymyzyň adyna tükeniksiz alkyş sözleri zybana dolýar.

Il-gün üçin uly başlangyçlara badalga berýän we birnäçe beýik işleri durmuşa geçirýän, durmuş gymmatlygy bolan ynsan saglygyny gorap saklamaga ähli mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Aýnagözel GUWANJOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.

                                

                                                                       

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok