Matematika – ylymlaryň şasy

Orta mekdebiň we tehniki hünärler boýunça ýörite hünär we ýokary mekdepleriň umumy maksatnamasynda matematika dersi hemişe esasy orunda durýar. Matematika dersi dünýäniň ähli ýurtlarynda mekdep meýilnamasynda hökman öwredilýär.

Munuň sebäbi diňe bir sanlar we hasap bilen baglanşykly ukyp başarnyklary ösdürmek däl, eýsem adam beýniniň öýjüklerini hereketlendirip beýleki ukyplara-da ýardam berýär.

Matematika bilen gyzyklanýanlaryň özüne ynamy, söwda-senagat başarnygy, hat-da sportda hem ukyby kemala getirmäge uly ýardamy bar. Işleri tertibe salmak, guramaçylyk hereket etmek, hat-da jemgyýetçilik işlerinde adalatly bolmagy ýola goýmak ýaly ukyplary gazanýar. Kyn meseleleri çalasynlyk bilen alyp çykmagy hem başarýar.

Muňa garamazdan, käbir çagalarda bu derse garşy gorky bolýar. Bu gorkynyň öňüni almak bolsa köplenç mugallymyň döredijiline bagly bolup durýar.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň “Diller dünýäsi” dil merkezinde ýaşlary we mugallymlary matematika dersine höweslendirmek maksady bilen duşuşyk geçirildi.

“Gujurly Nesil” okuw merkeziniň matematika mugallymy Ahmet Orazow matematika ylmynyň durmuşdaky orny we adam aň-düşünjesine ýetirýän täsiri barada gyzykly gürrüňler berdi we şekilli ýazgylar görkezdi.

Hytaý Halk Respublikasynda Kompýuter tehnologiýalary hünäri boýunça bilim alýan talyp Didar Hojagulyýew bolsa, matematikanyň tehnologiýa bilen baglanşygy barada gürrüň berdi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok