Aşgabatda «Turkmen Energy – TESC 2026» halkara maslahaty geçiriler

2026-njy ýylyň 14–15-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde «Turkmen Energy» («TESC 2026») halkara ylmy-amaly maslahaty geçiriler. Energetika pudagynyň ylmy-tehnologik ösüşine, innowasion çözgütleriň önümçilige ornaşdyrylmagyna we halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gönükdirilen bu forum «Ylym. Tehnologiýalar. Hyzmatdaşlyk» şygary astynda guralar.

Maslahata döwlet edaralarynyň, iri energetika kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň, ylmy-barlag merkezleriniň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Forumyň geçirilmegi Türkmenistanyň energetika ulgamynda ylmy mümkinçilikleri ösdürmek, önümçilik infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, sanly tehnologiýalary giňden ulanmak we daşky gurşawyň durnuklylygyny üpjün etmek boýunça alyp barýan işleriniň möhüm ähmiýete eýedigini görkezýär. Bu ugurlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Nurjahan Orunbaýewa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok