Gazagystan we Özbegistan IT kompaniýalaryny halkara bazaryna çykarmak boýunça hyzmatdaşlygy ösdürýär

Gazagystanyň «Astana Hub» tehnologik parky, Özbegistanyň «IT Park» merkezi we «Eurasia Growth Hub» halkara merkezi tehnologik kompaniýalary bilelikde goldamak boýunça ylalaşyk baglaşdylar. Hyzmatdaşlygyň esasy maksady iki ýurduň startaplaryna daşary ýurt bazarlaryna çykmaga, täze müşderileri tapmaga we maýa goýumlaryny çekmäge ýardam bermekden ybaratdyr.

Ylalaşyga «AI & Digital Bridge 2026» halkara forumynyň çäklerinde gol çekildi. Resminama laýyklykda, taraplar kompaniýalaryň daşary ýurt bazarlaryna aralaşmagyny ýeňilleşdirýän «soft landing» ulgamyny döretmegi meýilleşdirýärler. Bu ulgam bazary öwrenmek, hukuk we amaly meseleleri çözmek boýunça hünärmenleriň kömegini, şeýle hem strategik hyzmatdaşlar we wençur gaznalary bilen işewürlik duşuşyklaryny guramagy öz içine alar.

Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri tehnologiýa önümlerini Beýik Britaniýada we Ýewropanyň beýleki ýurtlarynda ilerletmek bolar. Şeýle hem taraplar bilelikdäki ylmy-barlag taslamalaryny durmuşa geçirmegi, mentor maksatnamalaryny ýola goýmagy we emeli aň ulgamynda täze önümleri işläp düzmegi göz öňünde tutýarlar.

Merkezi Aziýanyň iri IT merkezleriniň tagallalarynyň birleşdirilmegi Gazagystanyň we Özbegistanyň tehnologik kompaniýalaryna halkara bazarlarynyň talaplaryna has çalt uýgunlaşmaga mümkinçilik berer. Bu hyzmatdaşlyk startaplaryň täze müşderiler bilen göni aragatnaşyk gurmagyna, daşary ýurt sargytlaryny almaga we halkara derejesinde işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmäge şert döreder.


Begenç NOWRUZOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok