Bulut tehnologiýalary bazaryndaky esasy oýunçylaryň biri bolan Microsoft «Azure» hyzmatynyň maliýe görkezijilerini has aýdyň görkezmek maksady bilen hasabat ulgamynda üýtgeşme girizýär. Kompaniýa şu çärýekden başlap «Azure» bulut biznesiniň girdejisi barada maglumatlary her üç aýdan aýry-aýrylykda çap edip başlar. Bu barada CNBC habar berýär.
Soňky döwürlerde Microsoft «Azure» boýunça diňe ýyllyk ösüş depginini we umumy ugurlary görkezýän maglumatlary köpçülige ýetirýärdi. Täze çemeleşme bolsa kompaniýanyň bulut infrastrukturasynyň ösüşini has yzygiderli yzarlamaga mümkinçilik berer.
«Azure» Microsoft-yň umumy işinde eýýäm möhüm orun eýeleýär. Häzirki wagtda kompaniýanyň umumy girdejisiniň takmynan üçden bir bölegi bulut hyzmatlaryny öz içine alýan degişli bölüme düşýär. Bu bolsa korporatiw tehnologiýalara bolan islegiň artýandygyny we bulut çözgütleriniň Microsoft-yň biznes modelinde barha möhüm ähmiýete eýe bolýandygyny görkezýär.
«Azure» bilen bagly bazardaky ösüşiň gerimi ýylyň başynda has aýdyň görünip başlady. Şonda kompaniýanyň bulut biznesiniň ýyllyk girdejisiniň 100 milliard amerikan dollaryna ýetendigi baradaky maglumatlar ýaýrady. Indi çärýeklik hasabatlaryň girizilmegi bu görkezijiniň nähili depginde üýtgeýändigine has anyk baha bermäge şert döredip biler.
Bulut hyzmatlary pudagynda Microsoft güýçli bäsdeşlik şertlerinde hereket edýär. Amazon Web Services (AWS) we Google Cloud hem dünýä bazarynda öňdebaryjy platformalaryň hatarynda durýar. Şu ýylyň ikinji çärýeginde AWS-niň girdejisi 42,2 milliard dollar, Google Cloud-yňky bolsa 24,77 milliard dollar boldy. Degişli döwürde olaryň ösüş depginleri degişlilikde 37 göterim we 82 göterim derejesinde görkezildi.
Microsoft-yň «Azure» boýunça hasabatlaryny çärýekleýin görnüşe geçirmegi pudakdaky bäsdeşligiň möhüm görkezijileriniň biri hökmünde hem görülýär. Täze ulgam maýadarlara, bazar hünärmenlerine we tehnologiýa pudagyna gyzyklanýanlar üçin Microsoft-yň bulut biznesiniň depginlerine has ýygy gözegçilik etmäge mümkinçilik berer.
Şeýlelikde, «Azure» barada maliýe maglumatlarynyň has yzygiderli çap edilmegi Microsoft-yň bulut tehnologiýalaryndaky ornuna baha bermek üçin täze maglumat binýadyny döreder. Bu ädim kompaniýanyň iň çalt ösýän ugurlarynyň biriniň bazardaky ýagdaýyny has aýdyň görkezmäge hem mümkinçilik berer.
Ogulşirin Öwezgeldiýewa,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň talyby
Teswirler