Gazagystanda mugallymlaryň administratiw işlerini azaltmak meýilleşdirilýär

Gazagystanda mugallymlaryň artykmaç kagyz işlerini, hasabatlaryny we okuw işine degişli bolmadyk barlaglaryny azaltmak boýunça çäreler görüler. Bu barada ýurduň Prezidenti Kasym Jomart Tokaýew Respublikan Awgust konferensiýasynyň plenar mejlisinde çykyş etdi.

Döwlet Baştutany mugallymlaryň esasy ünsüni okuwçylara bilim we terbiýe bermäge gönükdirmelidigini belledi. Onuň aýtmagyna görä, pedagoglaryň işine degişli bolmadyk administratiw borçlaryň artmagy okuw prosesiniň netijeliligine ýaramaz täsir edip biler.

Şeýle hem mugallymlaryň hünär derejesini bahalandyrmak we attestasiýadan geçirmek ulgamyny kämilleşdirmek meselesine üns çekildi. Bu ugurda talaplaryň has düşnükli, açyk we netijeli görnüşe getirilmegi meýilleşdirilýär.

Ýurtda bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler hem mugallymlaryň iş ýüküni azaltmaga gönükdiriler. Täze maglumat ulgamlarynyň döwlet hyzmatlaryny birleşdirmegi we kagyz görnüşindäki resminamalaryň sanyny azaltmagy göz öňünde tutulýar.

Kasym Jomart Tokaýew öz çykyşynda, mugallymlaryň peýdasyz barlaglara, artykmaç hasabat işlerine we okuw-terbiýeçilik işine dahylly bolmadyk çärelere çekilmeginiň ýol berilmesizdigini belledi.

Bu çäreleriň mugallymlaryň administratiw işlerini azaltmak we olaryň okuw-terbiýeçilik işine has köp wagt bölmegini üpjün etmek maksadyny göz öňünde tutýandygy bellenilýär.

Çeşme: Zakon.kz

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok