Galyndylary peýdaly önümçilik çeşmesine öwürmek

Häzirki döwürde oba hojalygynda ýer we suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak bilen bir hatarda, daşky gurşawy goramak hem möhüm wezipeleriň biridir. Aýratyn-da gurak howa şertlerinde topragyň hasyllylygyny saklamak, onda organiki maddalaryň azalmagynyň öňüni almak we suwaryş akabalarynda galyndylaryň ýygnanmagyny azaltmak täze çemeleşmeleri talap edýär.

Bu ugurda oba hojalyk galyndylaryny peýdaly önümçilik çeşmesine öwürmek möhüm mümkinçilikleriň biri bolup durýar. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylmyň we döwrebap tehnologiýalaryň oba hojalygyna ornaşdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. «Ýaşyl ykdysadyýet» ýörelgeleri hem ýer serişdelerini netijeli peýdalanmaga we ekologiýa taýdan arassa önümçiligi ösdürmäge gönükdirilýär.

Şu ugurda geçirilen ýörite barlaglaryň netijeleri oba hojalyk galyndylaryny, akaba gyrmançalaryny we suwotularyny gaýtadan işläp, bioorganiki önüm öndürmegiň mümkinçiligini görkezýär. “Türkmenstandartlary” döwlet gullugynyň Merkezi barlaghanasynda geçirilen ylmy-amaly işler Türkmenistanyň toprak-howa şertlerinde şeýle çemeleşmäniň netijeli bolup biljekdigini tassyklaýar. Bu usul galyndylary peýdaly önümçilik çeşmesine öwürmek bilen birlikde, oba hojalygynda serişdelerden tygşytly peýdalanmaga hem şert döredýär.

Barlaglaryň dowamynda berilýän maglumatlara görä suw desgalarynyň düýbünde ýygnanýan sapropeliň hem möhüm çig mal çeşmesi bolup biljekdigi anyklandy. Onuň düzümindäki mineral we organiki maddalar bioönüm taýýarlamak üçin amatly häsiýetlere eýedir. Suwotularynyň hem önümçilikde gaýtadan ulanylmagy galyndylaryň möçberini azaltmaga we ekologik taýdan has arassa tehnologiýany döretmäge mümkinçilik berýär.

Geçirilen işlerde rezin görnüşli bioreaktorda dürli goşundylary utgaşdyrmak arkaly önüm almak usuly hem öwrenildi. Bu tehnologiýa galyndysyz önümçilik ýörelgesine esaslanýar we bir wagtyň özünde birnäçe çeşmäni gaýtadan peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, barlaglaryň netijeleri oba hojalyk we suw hojalygynda emele gelýän galyndylary gaýtadan işlemek arkaly peýdaly bioönümleri öndürmegiň hem-de daşky gurşawa düşýän agramy azaltmagyň mümkinçiligini görkezýär.

Netijede, oba hojalyk galyndylarynyň we suw desgalaryndaky organiki serişdeleriň gaýtadan işlenmegi ýerleriň hasyllylygyny saklamaga, ekologiýa howpsuzlygyny berkitmäge we serişdelerden has netijeli peýdalanmaga goşant goşup biler. Şonuň üçin bu ugurdaky ylmy gözlegleriň we innowasion tehnologiýalaryň ösdürilmegi oba hojalygynyň durnukly geljegi üçin möhüm ähmiýete eýedir.

Eşretli Amangeldiýew
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok