FIFA 2026-nyň ilkinji çärýek finalçylary belli boldy

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän FIFA 2026 dünýä çempionatynda ilkinji çärýek final duşuşygynyň gatnaşyjylary belli boldy.

1/8 finalyň ilkinji oýunlarynda Marokko milli futbol ýygyndysy Kanadany 3:0 hasabynda ýeňip, indiki tapgyra çykdy. Şol gün geçirilen beýleki duşuşykda bolsa Fransiýa milli futbol ýygyndysy Paragwaýdan 1:0 hasabynda üstün çykyp, çärýek finala ýollanma aldy. Şeýlelikde, çärýek finalyň ilkinji jübüti hökmünde Marokko bilen Fransiýa özara duşuşar.

FIFA-nyň täze formatyna laýyklykda ilkinji gezek 48 milli ýygyndynyň gatnaşýan dünýä çempionaty ýokary bäsdeşlik derejesi bilen dowam edýär. 1/8 finalyň galan duşuşyklarynda Braziliýa – Norwegiýa, Meksika – Angliýa, Portugaliýa – Ispaniýa, ABŞ – Belgiýa, Argentina – Müsür hem-de Şweýsariýa – Kolumbiýa jübütleri çärýek finala çykmak ugrunda göreşerler.

Çärýek final duşuşyklary 9–11-nji iýul aralygynda geçiriler. Dünýä çempionatynyň final oýny bolsa 19-njy iýulda Nýu-Ýork/Nýu-Jersi stadionynda bolar.

Ashgabat.in

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok