Daşoguz welaýatynda ýerleşýän ekerançylyk meýdanlarynda Hytaýdan getirilen gowaça tohumlarynyň ekilişi alnyp barylýar. Şu ýyl welaýat boýunça jemi 650 gektar ýerde “Zolotaýa Selina — 1565”, “Sinsziýan Szinhua — 98”, “Sinluszao — 64”, “Szinken — 1402”, “Sinşi — 518”, “Hinluzhong — 87” hem-de “Sinluszao — 78” ýaly sortlar ösdürilip ýetişdirilýär. Bu barada milli metbugat serişdelerinde habar berildi.
Maglumata görä, Hytaýdan getirilen gowaça görnüşleriniň belli bir bölegi Sadulla Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň çägindäki 450 gektar meýdanda ýerleşdirilipdir.
Hünärmenleriň bellemegine görä, bu sortlar ýokary hasyllylygy, çalt ösüşi hem-de gurak howa şertlerine we dürli zyýan berijilere garşy durnuklylygy bilen tapawutlanýar. Şeýle-de, Sinszýan tehnologiýasy boýunça ekilmegi olaryň netijeliligini ýokarlandyryp, gurak şertlerde hem ýokary hasyl almaga mümkinçilik berýär.
Şeýle meýdanlarda alnyp barylýan ekiş işleri häzirki zaman usullary bilen ýerine ýetirilýär. Hususan-da, “YTO” kompaniýasynyň tehnikalaryndan peýdalanylýar diýip, paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçylygynyň orunbasary Rasul Sadullaýew belläp geçdi.
Mundan başga-da, şu ýyl degişli hojalykda 7 müň 500 gektara golaý meýdanda gowaça ösdürip ýetişdirmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem 2 müň gektar ýerde Özbegistandan getirilen “Horezm — 127” görnüşini ekmek göz öňünde tutulýar we degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Umarbek JUMANIÝAZOW,
Türkmen oba hojalyk
institutynyň 1-nji ýyl talyby.
Teswirler