Daşoguz welaýatynda gallaçylar bahar möwsüminiň iň soňky tapgyrynda işlerini güýçli depginde dowam etdirýärler. Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrabyň «8-nji Mart» daýhan birleşiginde güýzlük bugdaýa ideg etmek boýunça işler ýokary derejede alnyp barylýar. Bu ýyl 1100 gektar ýer bugdaý ekmek üçin peýdalanyldy.
Ekinlere ideg etmek boýunça ähli agrotehniki çäreler, şol sanda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri bellenilen tertip boýunça we hünärmenleriň maslahatlaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär.
Meýdan işlerine «Obahyzmat» kärhanasynyň tehnikalary işjeň gatnaşyp, mehanizatorlaryň netijeli işlemegi üçin ähli zerur şertleri döredýär.
Daýhanlar her gektardan azyndan 45 sentner hasyl almagy maksat edinýärler. Öňdebaryjy gallaçylar Hangylyç Nepesow, Myrat Meredow we Ogulhan Abdyýewa ýokary netijeleri gazanmak üçin yhlasly zähmet çekýärler.
Demirgazyk sebitiň oba hojalyk toplumynyň üstünlikli ösdürilmegi Türkmenistanyň 2022 — 2052-nji ýyllar üçin durmuş-ykdysady ösüşiniň Milli maksatnamasynyň çäginde alnyp barylýar. Pudagyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy we oba adamalarynyň maddy taýdan höweslendirilmegi daýhanlara döwlet tarapyndan goýlan wezipeleri netijeli amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.
Allamyrat MUHAMMEDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Gidromeliorasiýa fakultetiniň talyby.
Teswirler