Hytaýly alymlar Şanhaý şäherinde ýurduň ilkinji doly bedene ýerleşdirilýän, simsiz, köp funksiýaly we öz batareýasy bolan beýni–kompýuter interfeýsiniň kliniki synagyny üstünlikli tamamladylar.
Fudan uniwersitetiniň Huaşan hassahanasynda geçirilen bu synag halkara tejribede ikinji şeýle üstünlik hökmünde hasaba alyndy we sekiz ýyl bäri egninden aşaky bölegi ysmaz bolan 28 ýaşly näsag üçin täze mümkinçilikleri açdy.
Beýni–kompýuter interfeýsiniň ulanýan näsag indi diňe pikiriniň üsti bilen kompýuterdäki kursory dolandyryp, internetde gezip, oýun oýnap, şeýle hem dürli enjamlar — akylly ellikler, ýokary tehnologiýaly maýyp arabasy, öý awtomatika ulgamlary we hatda adam şekilli robotlar bilen hem aragatnaşyk gurup bilýär. Bu barada taslamany işläp taýýarlamaga gatnaşan NeuroXess kompaniýasynyň esaslandyryjysy we baş alymy Tao Hu mälim etdi.
Onuň aýtmagyna görä, bu tehnologiýa näsaglara öz pikirleri arkaly sanly gurşaw bilen, şeýle-de hakyky üç ölçegli dünýä bilen göni baglanyşyk gurmaga mümkinçilik berýär.
Beýni–kompýuter interfeýsiniň ähli möhüm bölekleri, şol sanda batareýasy hem, dolulygyna näsagyň bedenine ýerleşdirilýär we deriniň üstünde hiç hili sim ýa-da daşky port galmaýar.
Alymlaryň belleýşi ýaly, bu usul açyk enjamlar bilen bagly ýokanç keselleriň howpuny ep-esli azaldýar. Simsiz energiýa üpjünçiligi we maglumat geçiriji tehnologiýalaryň birleşdirilmegi netijesinde, näsag gündelik durmuşynda goşmaça daşky enjamlara mätäç bolman, pikir arkaly real wagt tertibinde aragatnaşyk edip bilýär.
Tao Hu-nyň sözlerine görä, simsiz maglumat we energiýa ulgamlary, şeýle-de batareýalar döş derisiniň aşagynda ýerleşdirilip, howpsuzlyk we ýylylyk dolandyryşy ýokary derejede üpjün edilýär. Bu bolsa enjamyň näsaga päsgel bermezden ulanylmagyna we onuň ýaşaýyş hiliniň ýokarlanmagyna ýardam edýär.
Ylmy-barlag topary geljekde bu tehnologiýanyň mümkinçiliklerini has-da giňeltmegi, aýratyn-da sözleýiş ukybyny ýitiren näsaglar üçin beýni–kompýuter interfeýsi esasynda çözgütleri ösdürmegi meýilleşdirýär. Maksat — olaryň ýitirilen gepleşik ukyplaryny täzeden dikeltmek.
Bibihajar KERIMOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.
Teswirler