Şu gün ýurdumyzda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy giňden bellenildi. Dabara Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Ýeňiş güni mynasybetli paýtagtymyzdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň öňündäki meýdança ýygnananlaryň arasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, paýtagtymyzyň köpsanly ýaşaýjylarydyr myhmanlary bar.
Bu ýere ýygnananlar häzirki we geljek nesilleriň nurana geljegi üçin janlaryny orta goýan gerçekleriň ruhuna tagzym etdiler we çuňňur hormat-sarpa bilen ýadygärligiň etegine gül desselerini goýdular. Soňra Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň çäginde ýerleşýän Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň «Watan mukaddesligi» muzeýine aýlanyp, Watanymyzy gözüniň göreji deýin goran pederlerimizi hatyralady.
Teswirler