Koreýa uçjak Türkmen raýatlarynyň dykgatyna!

“Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Koreýa Respublikasyna gitmek isleýän ýolagçylar üçin Koreýa Respublikasynyň Migrasiýa gullugy tarapyndan täze migrasiýa düzgüniniň girizilendigini habar berýär.

Has dogrusy bu barada şeýle diýilýär:

Koreýa Respublikasynyň Migrasiýa gullugynyň habar bermegine görä, Koreýa Respublikasyna girmegiň düzgünleriniň üýtgeýändigi we ýurda girmezden 3 gün öňünden sanly migrasiýa kartasynyň doldurylmalydygynyň zerurdygy (https://e-arrivalcard.go.kr) barada Size habar berýäris.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok