Türkmen wekiliýeti Hytaýda geçiriljek ŞHG-niň sammitine gatnaşar

2025-nji ýylyň güýzünde Türkmenistan Hytaýyň Týanszin şäherinde geçiriljek Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) nobatdaky sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagyna garaşylýar. Türkmenistanyň ŞHG-niň çärelerine yzygiderli gatnaşmagy ýurduň sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýändiginiň subutnamasydyr. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

ŞHG-niň Baş sekretary Nurlan Ýermekbaýewiň aýtmagyna görä, sammite gatnaşjak ýurtlaryň gutarnykly sanawy ony guraýan döwlet tarapyndan düzülýär. Mongoliýa bu duşuşyga synçy hökmünde gatnaşsa, Türkmenistan çärä myhman hökmünde gatnaşar.

Ýermekbaýewiň bellemegine görä, 24 ýyl mundan ozal döredilen ŞHG häzirki wagtda halkara gatnaşyklar ulgamynda işjeň orny eýeleýän gurama öwrüldi. Ol parahatçylygyň, durnuklylygyň we adalatly dünýä gurluşynyň ilerledilmegine uly goşant goşýar.

2001-nji ýylda döredilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy hökümetara halkara gurama bolup, onuň esasy maksady – agza döwletleriň arasynda ynanyşmagy pugtalandyrmak, Ýewraziýa giňişliginde durnuklylygy üpjün etmek hem-de köptaraply hyzmatdaşlygy ösdürmekdir. Guramanyň düzümine Hytaý, Russiýa, Belarus, Hindistan, Pakistan, Gazagystan, Özbegistan, Täjigistan, Gyrgyzystan we Eýran girýär.

Toýly MYRATGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok