2025-nji ýylyň 5-nji maýynda Türkiýäniň Medipol Uniwersitetinde geçirilen çäreleriň çäginde, Türkmenistanyň Stambuldaky Baş Konsullygy tarapyndan türkmen talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda, 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp baýramçylyk sergi-tanyşdyryş çäresi guraldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Şeýle hem, Medipol uniwersitetiniň talyplary hem-de akademiki jemgyýetçiliginiň wekilleri gatnaşan dabara türkmen medeniýetine bagyşlanan konsert bilen dowam etdi.
Baýramçylyk sergisiniň dowamynda daşary ýurtly myhmanlara we talyp ýaşlara Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatyndaky esasy üstünlikleri, halkara guramalaryň çäklerindäki başlangyçlary, şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly bilen bagly alnyp barylýan çäreler barada giňişleýin maglumatlar berildi.
Aýnur ARAZOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler