Polşaly suratkeş zenanyň täsirlenmelerinden bir pursat

2025-nji ýylyň 2-nji maýynda Watikanyň Türkmenistandaky Apostolik Nunsiýaturasynyň guramagynda Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde Apostolik Nunsiýaturasynyň myhmany, Polşa Respublikasynyň suratkeşler birleşiginiň agzasy, suratkeş Joanna Galeçkanyň «Türkmenistanda bahar pasly» atly döredijilik sergisi geçirildi.

Joanna Galeçka grafik hökmünde giňden tanalýar. Suratkeş Polşa Respublikasynyň gadymy we gözel ýadygärlikleri bilen tanalýan Krakow şäherinde zähmet çekýär. Suratkeşiň Krakow şäherinde özüniň ussahanasy bolup, ol ajaýyp nakgaş we grafik eserlerini döredýär. Suratkeş dünýäniň dürli döwletlerinde bolup 30-dan gowrak özüniň şahsy sergilerini üstünlikli geçirendigini belleýär. Suratkeş ilkinji gezek Türkmenistana 2001 – nji ýylda gelýär. Suratkeşi türkmen tebigaty, milli gymmatlyklarymyz, türkmen zenanlarynyň gözelligi we türkmen däp-dessurlary aýratyn täsirlendirýär. Şol täsirlenmeleriň netijesinde Türkmenistanda myhman bolan döwründe türkmen dünýäsi bilen baglanşykly ajaýyp sungat eserleriniň 25-den gowragyny bu sergä hödürledi.

Sergide, suratkeş Joanna Galeçkanyň «Türkmen zenanlary» 2025 ý., «Türkmen köli» 2025 ý., «Halylar» 2025 ý., «Deňiz» 2025 ý., «Owadan nagyşlar» 2025 ý., «Ýaz pasly» 2025 ý., «Tebigat « 2025 ý., «Sähralar» 2025 ý., «Ene» 2025 ý. ýaly eserleri bellenmäge mynasypdyr.

Suratkeşiň döreden sungat eserleriniň ählisinde türkmen tebigatynyň bahar paslyndaky ajaýyplygy içgin açylyp görkezilýär. Türkmeniň kalby deýin sada tebigat, gözel sähralar, ýagyşdan soňky jülgeleriň gözel görnüşi kagyz ýüzüne ýagly reňkler bilen ussatlyk bilen geçirlipdir. Joanna Galeçka bol hasyl ýygnalýan ekin meýdanlaryny, türkmen saçagynyň, desterhanynyň aýratynlyklaryny, bagyň saýasynda türkmen ýaşulylarynyň mesaýy gürrüňlerini, çopan goşunyň gözelliklerini çeper mazmun bilen baýlaşdyryp sungata siňdirýär.

Sungat elmydama kämillige tarap ýol salýar. Sungat özüniň gymmatyny wagt bilen kesgitleýär. Megerem şonuň üçin bolsa gerek üstünden asyrlar, heňňamlar geçen sungat eserleri hut ýakynda döredilen ýaly kalplara ýol salýar. Joanna Galeçka hem öz eserlerinde çeperçilik biliminiň ýokarlygyny we reňk çözgütleriniň aýratynlygy, çeperçilik usullaryny ulanmaklygyň ussatlygyny türkmen ýaşlaryna açyp görkezýär. Medeniýet halklary birleşdirýän köpri, hut şol nukdaýnazardan Polşanyň tanymal suratkeşi Joanna Galeçkanyň sergisi hem biziň halkymyzda we ykbalyny sungata baglan ýaşlarymyzda uly täsirleri galdyrdy. Tejribeleri paýlaşmak, çeperçilik bilimiňi ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri döredip berýän, Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.

Maýa HALYKBERDIÝEWA,

Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi
we şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň hünärmeni.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok