Men S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby hökmünde 2025-nji ýylyň 4-8-nji awgusty aralygynda geçiriljek möhüm halkara çäre bolan, Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň III maslahatyna çuňňur gyzyklanma bilen garaşýaryn.
Biziň ýurdumyz Türkmenistan hem deňze göni çykalgasy bolmadyk döwletleriň biri hökmünde, dünýä ykdysadyýetinde möhüm orny eýeleýär. Şu sebäpden şeýle maslahatlar ýurdumyza hem ykdysady syýasy, medeni taýdan uly mümkinçilik döredýär.
2025-nji ýylda geçiriljek bu III maslahatda dünýäniň dürli künjeklerinden gatnaşyjylar bir ýere jemlenip, ykdysady ösüşi güýçlendirmek, üstaşyr ulag mümkinçiliklerini ösdürmek, söwda ýollaryny kämilleşdirmek ýaly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar. Maslahatyň esasy maksady deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň halkara söwda mümkinçiliklerini giňeltmek, logistika we ulag pudagynda döwrebap çözgütleri tapmak, durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmekdir.
Öz gezegimde, şeýle çärelere gatnaşmagyň ösüp barýan ýaş nesil üçin aýratynda biz talyplar üçin ähmiýetiniň örän uludygyna ynanýaryn. Biziň bilim alýan ugrumyz – oba hojalygy ykdysadyýet, inženerçilik – bu çäreleriň netijesinde täze mümkinçiliklere ýol açylýar. Munuň ýaly forumlar dünýäniň ösüş ugrunda birek-birege kömek bermek, hyzmatdaşlygy güýçlendirmek hem-de täze pikirleri öňe sürmek üçin örän möhüm meýdança bolup hyzmat edýär.
Türkmenistan öz syýasy, ykdysady we medeni syýasatynda hemişe açyk we parahatçylyk süýji döwlet hökmünde halkara hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýär. Şonuň üçin hem şeýle çärelere gatnaşmak biziň watanymyzyň dünýä bileleşigindäki abraýyny has-da ýokarlandyrýar.
Berkarar döwletiň bagtyýar talyby hökmünde, şeýle halkara derejesindäki maslahatlaryň diňe döwlet derejesinde dälde eýsem dünýä derejesinde geçirilýänligi meni hem buýsandyrýar. Bu maslahatyň her bir ýaş nesliň dünýä garaýşynyň giňelmegine hem itergi berjekdigini tüýs ýürekden ynanýaryn. Biz ýaşlar şeýle mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp ýurdumyzy gülledip ösdürmäge we dünýäde beýik abraýa eýe bolmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sagbolsun aýdýaryn, goý olaryň janlary sag ömürleri uzak ähli tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!!!
Annagurban GURBANOW,
S.A.Nyýazow adyndaky
TOHU-nyň talyby.
Teswirler