Katarda ýerleşýän Türkmenistanyň ilçihanasy bilen Hamad bin Halifa uniwersiteti Doha şäherinde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli “Magtymguly Pyragynyň eserlerinde parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleri” atly halkara ylmy maslahat gurnady. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň web-saýty habar berýär.
Maslahata gatnaşyjylar öz çykyşlarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly eseriniň şahyryň türkmen halkynyň taryhyndaky ornuny, onuň döredijiliginiň ähmiýetini hem-de dünýä edebiýatyna goşan uly goşandyny giňişleýin açyp görkezýändigini nygtadylar.
Çärä gatnaşanlar Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmegini ýokary baha berdiler. Olar bu kararyň dünýäde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň we ynanyşmagyň giňeldilmegine gönükdirilen türkmen döwlet syýasatynyň halkara derejesinde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydygyny bellediler.
Myrat KAKAJANOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh
fakultetiniň dünyä taryhy kafedrasynyň mugallymy.
Teswirler