Katarda Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi

2025-nji ýylyň 28-nji aprelinde Kataryň Doha şäherinde “Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleri” atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Çäräni Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçihanasy bilen Hamad bin Halifa adyndaky uniwersitet bilelikde gurady. Maslahat Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna” bagyşlandy.

Maslahata Katarda iş saparynda bolýan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory Orazgeldi Öwezsähedow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň direktory Döwran Orazsähedow, Türkmenistanyň Katardaky Ilçisi Mahri Seýitmämmedowa, şeýle hem uniwersitetiň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdy.

Çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde parahatçylyk we ynanyşmak temalarynyň aýratyn orun tutýandygyny belläp geçdiler. Şeýle hem çykyşlarda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly kitabyna-da aýratyn üns berildi diýip TDH habar berýär.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmeginiň ähmiýeti we bu başlangyjyň halkara derejesindäki orny ara alnyp maslahatlaşyldy.

Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Kataryň medeniýet merkezinde, Hamad bin Halifa adyndaky uniwersitetde we milli kitaphanasynda duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklarda ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri we gadymy golýazmalary öwrenmek boýunça bilelikdäki taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Amandurdy Orazberdiýew,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok