Türkmen wekiliýeti “Almaty prosesiniň” üçünji ministrler maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti aprel aýynyň üçünji ongünlüginde Baku şäherinde geçirilen “Almaty prosesiniň” üçünji ministrler maslahatyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň web-saýty habar berdi.

Maslahata “Almaty prosesine” gatnaşyjy ýurtlaryň – Azerbaýjan, Türkiýe, Gazagystan, Gyrgyzystan we Täjigistan – resmi wekiliýetleri, şeýle hem synçy ýurtlar hökmünde Eýran, Italiýa we Pakistan bilen birlikde Türki döwletler guramasynyň, Halkara migrasiýa guramasynyň we BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarlygynyň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşykda ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek, migrasiýa meselelerini netijeli dolandyrmak boýunça öňdebaryjy tejribeleri we maglumatlary alyşmak bilen baglanyşykly meseleler giňden ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çärä gatnaşyjylar sebitde migrasiýa we bosgunlary goramak babatynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygyny nygtap, milli we sebit derejesindäki okuw hem-de maglumat alyş-çalşyklarynyň kämilleşdirilmelidigini bellediler.

Maslahatyň ahyrynda Azerbaýjan Respublikasynyň iki ýyllyk başlyklyk döwrüniň jemlerine bagyşlanyp “Baku Jarnamasy” kabul edildi.

Myrat KAKAJANOW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet
uniwersitetiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok