2025-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçihanasynda ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Hakyda göwheri” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu barada ýurduň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.
Çäräniň dowamynda kitapda gadymy siwilizasiýalaryň özara baglanyşygy, türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjilik däp-dessurlary, şeýle hem onuň ylym we medeniýete goşan paýy giňden beýan edilýändigi nygtaldy.
Mundan başga-da, kitap Türkmenistanyň taryhy we ruhy mirasyny çuňňur öwrenmekde aýratyn ähmiýete eýe eser hökmünde häsiýetlendirildi.
Duşuşygyň ahyrynda BMG-niň 2025-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hökmünde yglan etmegi hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek halkara çäreler aýratyn bellenilip geçildi.
Bahargül DURDYÝEWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher
mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby.
Teswirler