Türkiýe Respublikasynyň Milli Bilim ministri Ýusuf Tekiniň ýolbaşçylygyndaky türk wekiliýeti Aşgabada sapar bilen geldi. Saparyň maksady Aşgabatda geçirilýän mekdep okuwçylarynyň arasyndaky II halkara matematika olimpiadasynyň ýapylyş dabarasyna gatnaşmakdan we ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirmekden ybaratdyr.
Saparyň çäklerinde, Türkiýe Respublikasynyň Milli Bilim ministri Ýusuf Tekin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa bilen duşuşar. Oňa Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýew hem gatnaşar.
Ýeri gelende belläp geçsek, şu gün Türkiýäniň bilim ministri Aşgabat şäherindäki Bilelikdäki türkmen-türk mekdebine baryp gördi. Türkiýäniň bilim ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet üçin guralan ýörite maksatnama esasynda, wekiliýetiň agzalary Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine, Türkmen halysynyň milli muzeýine aýlanyp görerler.
Teswirler