Türkmen halkynyň milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň yhlas deri, buýsanç düri bilen döreden, döwlet galamyna degişli bolan gymmatly eseri “Hakyda göwheriniň” hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk toýunyň bosagasynda halkymyza sowgat etmesi halkymyzyň medeni durmuşynda örän ähmiýetli waka boldy. Döredijilik äleminde ählimize görelde, ýol görkeziji şamçyrag bolan Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur paýhasa ýugrulan bu ajaýyp eseriniň ilkinji sahypalary: “Adamzat taryhyna mahsus islendik ösüşiň gözbaşy hem, çürbaşy hem ynsanlar bilen bagly. Beýik ynsanlar beýik taryhy döredýärler. Gerdişinde gadymyýetiň aýanu-syrly habarlaryny saklaýan mukaddes topragymyzda daş-töweregiň gözelliklerini synlaýan mahalym çuňňur oý-pikirlere hemra bolýaryn. Ýollar we iller, ykballar we ahwallar, hadysalar we netijeler hakda pikir ýöredýärin” diýen setirler bilen başlanýar. Merdana halkymyzyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän şöhratly ýolunyň, dünýä ösüşine goşan ägirt uly goşandynyň we görnükli şahsyýetlerimiziň amala aşyran beýik işleriniň taryhy we anyk maglumatlar arkaly täsirli beýan edilýän bu eseri girişden we iki bapdan ybaratdyr. Halkymyzyň baý taryhy durmuşyndan söz açýan ylmy garaýyşlaryň beýany bolan kitabyň “Taryha syýahat” atly birinji babynda şöhratly taryhymyz, taryhy-medeni ýadygärliklerimiz hakynda gürrüň edilip, Alym Arkadagymyz olar baradaky garaýyşlaryny, pikirlerini, düşünjelerini bäş bölümiň üsti bilen beýan edýär. Alty bölümden ybarat “Ruhy miras” atly babynda bolsa milli mirasymyzy emele getirýän ruhy-medeni gymmatlyklaryň köpöwüşginliligine üns çekilýär. Bu bapda milli mirasymyzy emele getirýän ruhy-medeni gymmatlyklar barada söz açylýar. Kitabyň içinde gadymy oguz edebiýatyny öwrenmek babatda gymmatly maglumatlar saklanan. Gahryman Arkadagymyzyň bu kitaby ýazmakdan öň ozal ýazan we giň okyjylar köpçüligine ýetirilen dürli kitaplaryny, şeýle hem Watanymyzyň şöhratly taryhyny şöhlelendirmek babatda gijesini gündiz edip işleýän arheologlarymyzyň täze taryhy tapyndylar esasynda toplan maglumatlaryny, daşary ýurtlardan getirilen golýazmalar esasynda pikir ýöredip boljak täzeçe taryhy garaýyşlary peýdalanandygyny beýan edýär. Taryhy maglumatlara daýanýan, halkyň şöhratly taryhyny, baý medeni mirasyny, nusgalyk döwletlilik ýörelgelerini beýan edýän, olary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýan şeýle kitaplar ruhy-medeni hazynamyzyň altyn sütünine, nesilleriň ylham çeşmesine öwrülip galýar.
Gahryman Arkadagymyzyň täze kitaby her birimiziň işimizde gymmatly gollanmalaryň birine öwrüler. Bu kitapda ata-babalarymyzyň şöhratly geçmişinden, taryhda yz goýan şahsyýetlerimiziň nusgalyk ömür ýolundan, edebi mirasyndan söz açylýar. Bu eser gadymy oguz edebiýatynyň ähmiýetini açyp görkezmekde hem gymmatly çeşmedir. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ylmy-filosofik eserleri watandaşlarymyzyň her biri üçin durmuş we döredijilik şamçyragydyr. Halkymyzyň şöhratly taryhyny, baý medeni mirasyny, nusgalyk döwletlilik ýörelgelerini beýan edýän, olary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýan bu eserler ýaş nesilleri watançylyk, belent ahlaklylyk, ýokary ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde gymmatly hazynadyr. Hut şu jähetden, türkmen halkynyň Milli Lideriniň “Hakyda göwheri” atly kitaby hem halkymyzyň taryhy maglumatlara daýanýan ruhy-medeni hazynasynyň dür-merjeni bolmak bilen, nesilleriň ylham çeşmesi bolup hyzmat eder.
Gahryman Arkadagymyzyň paýhasyndan kemal tapan çuňňur many-mazmunly, taryhy maglumatlary hem-de şanly geçmişimizi dabaralandyrýan hekaýatlary özünde jemleýän kitaplaryny halkymyza yzygiderli sowgat bermegi biz-ýaşlaryň döredijilikli işlemegi üçin gymmatly gollanma bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslatynyň Başlygy, Alym Arkadagymyzyň durmuşda her bir şahsyýete ýol-ýörelge görkezýän ajaýyp kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagyny tüýs ýüregimizden arzuw edýäris!
Bike ANNAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.
Teswirler