Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sport ulgamynda soňky ýyllarda gazanylan uly üstünlikler ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak, ýaş nesliň fiziki we akyl taýdan ösüşini üpjün etmek boýunça ägirt uly başlangyçlaryň öňe sürülýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bu ugurda üstünlikli durmuşa geçirilýän asylly işler jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň wagyz etmeklige, sporty ösdürmegiň milli nusgasyny döretmäge gönükdirilen täzeçil çemeleşmeleri öz içine alýar.
Ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak baş wezipe bolup çykyş edýär, çünki il-halkyň bagtyýarlygy, ýaş nesliň sagdyn bedenli we sagdyn ruhda terbiýelenmegi möhüm ugur hökmünde kesgitlenen. Dünýäde deňi-taýy bolmadyk häzirki zaman sport, saglyk merkezleri bu gün ýurdumyzyň dürli künjeklerini bezeýär, ilata hyzmat edýär, sport ulgamynyň infrastrukturasy döwrebaplaşdyrylýar. Bularyň ählisi bolsa ilata halkara standartlara laýyk gelýän ýokary hilli sport, lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemäge uly ýardam berýär. Ýaş nesliň sazlaşykly ösmegini üpjün etmek, saglygyny berkitmek, olary sporta höweslendirmek işlerine jogapkärli çemeleşilýändigi diýseň guwandyryjydyr.
Soňky ýyllarda dünýäniň öňdebaryjy guramalary bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň çäklerinde bilelikdäki taslamalardyr maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär, bedenterbiýäni ösdürmegiň öňdebaryjy usullary ornaşdyrylýar. Ilkinji nobatda, BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen gatnaşyklarynyň gerimi has-da giňedi. Türkmenistan ýurdumyz Halkara Olimpiýa Komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň, ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzasy bolmak bilen, Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine, onuň sebit we dünýä derejesinde parahatçylygy, ynanyşmagy, ýurtlardyr halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak ýaly ynsanperwer ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşýar.
Milli Liderimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen şygaryndan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen ynsanperwer ýörelgelerinden ugur alnyp, bu möhüm durmuş ugurly pudagyň öňünde täze wezipeler goýuldy. Hormatly ýurt Baştutanymyz Gahryman Arkadagymyzyň sport bilen meşgullanmak we wagyz etmek bilen bagly asylly başlangyçlaryny dowam etdirmek bilen, işjeň, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň peýdasyny iş ýüzünde tassyklap, watandaşlarymyza nusgalyk görelde görkezýär. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda geçirilýän iri sport çärelerine, şol sanda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralýan köpçülikleýin welosipedli ýörişe yzygiderli gatnaşýar. Diýarymyzda sport bilen meşgullanmak barha uly meşhurlyga eýe bolýar. Çünki ruhubelentligiň we sagdynlygyň nyşany bolan sport beýleki hereketlendiriji güýç bolup çykyş edýär. Sagdyn durmuş ýörelgesini, sporty wagyz etmek ýaşlar syýasatynyň hem esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Paýtagtymyz Aşgabatdaky Merkezi Aziýada deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesi türkmen sportunyň hil taýdan täze derejä çykmagynyň özboluşly nyşanydyr. Munuň özi türkmen milli sportunyň taryhynda täze sahypany açmak bilen, ýurdumyzyň ýokary derejeli halkara ýaryşlary gurap bilýän ýurtlaryň hatarynda orun alandygyny aýdyň alamatlandyrýar. Ösen sport infrastrukturasynyň döredilmegi, ýokary derejeli sporta döwlet tarapyndan goldaw berilmegi netijesinde halkara ýaryşlarda Türkmenistan Watanymyza wekilçilik edýän ýaş türgenleriň täze nesli kemala gelýär, ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň bähbidine durmuşa geçirilýän sport diplomatiýasynyň üstünligi barha dabaralanýar.
Bägül NURGELDIÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky
Türkmen döwlet mugallymçylyk
institutynyň Roman-german dilleri we
edebiýaty fakultetiniň Roman-german
dilleri we edebiýaty, olary okatmagyň
usulyýeti kafedrasynyň mugallymy.
Teswirler