Bedew – türkmeniň uçar ganaty

Dünýäniň atşynas alymlarynyň bellemegine görä, ahalteke bedewleri dünýäniň iň naýbaşy atlarynyň gözbaşydyr diýip hasaplanylýar. Türkmen halkynyň bu atlara bolan çäksiz söýgüsi we hormaty hem, belki, şondan gelip çykýandyr.

Ahalteke atlarynyň kemala gelmeginde ata-babalarymyzyň zähmeti we zehini uly orun tutýar. Bu sungata halkymyzyň dünýä garaýşy, baý pelsepesi we taryhy siňendirilen. Gözelligi we nepisligi bilen tapawutlanýan ahalteke bedewleri türkmenleriň buýsanjy we şöhrat çeşmesidir. Pederlerimiz bu bedewleri hem-de alabaýlary özüne ýakyn dost, syrdaş hökmünde görüpdir. Munuň hakykatdygyna taryh hem şaýatlyk edýär. Bedew bilen türkmen ýigidiniň arasyndaky wepaly gatnaşyklar halk döredijiliginde giňden beýan edilipdir, şol eserlerde atyň ynsana bolan wepasy täsirli we çeper usulda görkezilýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzda atçylyk sportyny ösdürmek, türkmen bedewlerini halkara derejesindäki ýaryşlara taýýarlamak boýunça uly işler alnyp barylýar. Paýtagtymyzda we welaýatlarda döwrebap enjamlaryň üpjün edilen atçylyk sport toplumlarynyň gurulmagy, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Aşgabatda hereket etmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Ganatly bedewler», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» ýaly kitaplary türkmen halky üçin uly gymmatlyklardyr. Bu eserlerde türkmen bedewleriniň gözelligi we tizligi belent wasp edilýär.
Taryh boyunca türkmen halkynyň buýsanjy bolup gelen ahalteke bedewleriniň dünýä derejesindäki abraýy häzirki wagtda hem yzygiderli artýar. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda başlanan giň gerimli özgertmeler, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen üstünlikli dowam etdirilýär.

Kepbäýew MUHAMMET,

Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyñ uly mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok