2025-nji ýylyň 17-nji aprelinde Kiýewde Ýadygärlikleriň we taryhy ýerleriň halkara güni bilen birlikde Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän kitaphana muzeýiniň 50 ýyllygy mynasybetli medeni-bilim çäre geçirildi. Çäräni Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy hem-de Magtymguly adyndaky kitaphana bilelikde gurady.
Medeni çärä diplomatlar, ylmy jemgyýetçiligiň agzalary, kitaphana işgärleri, 281-nji mekdebiň okuwçylary we Ukrainada bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.
Baýramçylyk dabarasynyň esasy bölegi hökmünde “Türkmenistanyň taryhy-medeni mirasy: Beýik Ýüpek ýolunyň ajaýyp ýerlerine syýahat” atly tanyşdyrylyş çäre guraldy. Onda gadymy medeni merkezler, türkmen medeniýetiniň ösüşi we ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras sanawyna girizilen Gadymy Merw, Köneürgenç, Nusaý ýaly taryhy şäherler barada gürrüň berildi.
Magtymguly adyndaky kitaphananyň wagtlaýyn müdiri Ýuliýa Lopata iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň möhüm ähmiýeti barada çykyş etdi we türkmen halkynyň baý medeni mirasyny şöhlelendirýän gymmatlyklar üçin hoşallyk bildirdi.
1969-njy ýylda esaslandyrylan bu kitaphana muzeý, şahyryň goşgularynda wasp edilýän ruhy gymmatlyklary wagyz edýän dabaralaryň geçirilýän möhüm merkezleriniň biridir.
Oguljan BERDIÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Senagat ekologiýasy kafedrasynyň mugallymy.
Teswirler