Türkiýede Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilmegi meýilleşdirilýär

Ankara bilen Aşgabat arasyndaky medeni hyzmatdaşlyk soňky ýyllarda has-da güýçlenýär. Iki doganlyk döwletiň arasynda dowam edýän medeni gatnaşyklary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak maksady bilen, 2025-nji ýylda Türkiýede Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu barada Türkiýäniň syýahatçylyk hepdeligine bagyşlanan çäräniň dowamynda Türkiýäniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok belläp geçildi.

Bellenilişine görä, häzirki wagtda türkmen tarapy bilen bilelikde çäräniň geçiriljek takyk senesi we şäherleri boýunça gepleşikler alnyp barylýar. Medeniýet günleriniň çäginde aýdym-saz, tans, sergiler we edebi çäreleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şeýle hem ýylyň dowamynda dürli bilelikdäki teatr we tans festiwallaryna gatnaşmak meýilleşdirilýär. Bu çäreler türkmen sungatynyň, medeniýetiniň we halk döredijiliginiň Türkiýäniň giň jemgyýetçiligine ýetirilmegine uly mümkinçilik döreder.

Şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Şeýle-de, bu ýylda Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygy belleniler. Bu möhüm seneler, taraplaryň arasynda birnäçe bilelikdäki medeni başlangyçlaryň amala aşyrylmagy üçin berk binýat bolup hyzmat eder.

Medeni gatnaşyklarynyň ýene bir möhüm ugry hökmünde, dekabr aýynda Türkmenistanda beýik akyldar we pikir alymy Möwlananyň hormatyna bagyşlanan ýörite çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu çäreler diňe bir ruhy gymmatlyklaryň dabaralanmagyna däl-de, eýsem türkmen-türk medeniýetleriniň arasyndaky mizemez baglanyşygyň dabaralanmagyna hem ýardam eder.

Ýeri gelende belläp geçsek, Aşgabatda ýakyn wagtda Ýunus Emre adyndaky Medeniýet merkeziniň açylmagyna garaşylýar. Bu merkez, geljekde iki ýurduň arasyndaky medeni we bilim gatnaşyklarynyň has-da giňelmegine itergi berer.

Mergen GARJANOW,

Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk
mekdebiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok