Otag gülleriniň peýdasy

Otag gülleri häzirki zaman öýleriň, ofisleriň hem-de jemgyýetçilik binalarynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Olar diňe bir bezeg maksatly däl-de, eýsem saglyk we ruhy taýdan hem peýdaly täsirleri bilen tanalýar. Tebigatyň bir bölegi hökmünde güller adamyň ýaşaýan gurşawyna janlylyk, rahatlyk we ýylylyk berýär. Otagda gülleri saklamak diňe bir göze ýakymly bolmak bilen çäklenmän, köpsanly peýdaly taraplary bilen hem tapawutlanýar.

Ilki bilen, otag gülleri howanyň hilini gowulandyrýar. Olar fotosintez prosesi arkaly karbon dioksidi siňdirip, oňa derek kislorod bölüp çykarýarlar. Şeýlelikde, güller öýüň içindäki howanyň arassalygyna ýardam berýär. Käbir ösümlikler bolsa, örän peýdaly aýratynlyklara eýedir – olar howadaky zyýanly maddalary (formaldehid, benzol, ammiak we ş.m.) süzüp, öz içine siňdirýärler. Meselem, sansewiera, spatifillum we hlorofitum ýaly güller öýde howany arassalamak üçin örän peýdalydyr.

Mundan başga-da, otag gülleri howanyň çyglylygyny kadalaşdyrýar. Olar suwy kökleri arkaly özüne siňdirip, soňra ýapraklaryndan howa goýberýärler. Bu bolsa, gurak howaly otaglarda çyglylygyň ýokarlanmagyna sebäp bolýar. Esasan hem gyş paslynda öýde ýyladyş ulgamy işleýän mahaly, otaglaryň içi gurap başlaýar, bu bolsa deri, dem alyş ýollary we gözler üçin oňaýsyzlyk döredip bilýär. Güller bu ýagdaýy ýeňilleşdirmäge ýardam edýär.

Otag gülleri ruhy ýagdaý üçin hem örän peýdalydyr. Olar adamyň stresini peseldýär, dartgynlygy azaldýar we psihologik taýdan dynç almagyna ýardam berýär. Güller bilen meşgullanmak, olary suwarmak, ýapraklaryny arassalamak ýa-da gaýtadan oturtmak, adamlaryň gündelik aladalaryndan uzaklaşmagyna we rahatlanmagyna mümkinçilik berýär. Şonuň üçin hem psihologlar we lukmanlar öýde ýa-da iş ýerinde gülleri saklamagy maslahat berýärler.

Mundan başga-da, güller öýüň energiýasyna hem täsir edýär diýlip hasap edilýär. Feng-şui ýaly ruhy-filosofik akymlara görä, her bir ösümlik özboluşly energiýa geçiriji bolup, öýde oňaýly we pozitiw ýagdaý döredýär. Şeýle ynançlaryň esasynda käbir adamlar öýünde belli bir görnüşdäki gülleri goýmagy saýlaýarlar.

Netijede, otag gülleri diňe bir estetiki lezzet bermek bilen çäklenmän, saglyk, ruhy ýagdaý we öýüň umumy energiýasy üçin hem peýdaly bolup durýar. Her bir öýde iň azyndan bir ýa-da iki sany gülüň bolmagy, ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrýar we adamlara tebigata has ýakyn bolmaga mümkinçilik berýär.

Rahym MYRATMUHAMMEDOWA,

Aşgabat şäherindäki Agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň
talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok