“MA – AADHG” ministrler duşuşygy geçirildi

2025-nji ýylyň 15-16-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Kuweýt Döwletiniň paýtagty El-Kuweýt şäherine iş saparyny gurady. Saparyň maksady “Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi” (MA-AADHG) strategik dialogynyň üçünji ministrler derejesindäki duşuşygyna gatnaşmak boldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.

Duşuşyga Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler edaralarynyň wekilleri bilen bir hatarda, Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşine girýän alty ýurduň – Saud Arabystanynyň, BAE-niň, Kataryň, Kuweýtiň, Omanyň we Bahreýniň wekilleri gatnaşdy.

Forumda söwda, maýa goýum, ulag-logistika, ekologiýa, syýahatçylyk we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça teklipleriň taýýarlanylmagyna aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň wekiliýeti duşuşykda ulag-logistika, energetika, ykdysadyýet we ynsanperwer ulgamlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen birnäçe başlangyçlaryny hödürledi.

Söhbetdeşliklerde halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek boýunça Eýran, Oman, Katar, Türkmenistan we Özbegistanyň arasynda gazanylan ylalaşygy durmuşa geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gülşat HAKYÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok