Suratkeşiň döredijiliginde tebigat bilen söhbet

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda 2025-nji ýylyň aprel  aýynyň 11-ne Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň Sergi jaýynda suratkeş Şagylyç Ataýewiň 35 ýaşynyň dolmagy mynasybetli  şahsy döredijilik  sergisi geçirildi.

Sergide, suratkeş Şagylyç Ataýewiň «Halypany ýatlap» 2018 ý., «Tutly gala» 2022 ý., «Ýanbaş» 2022 ý., «Bagyr» 2024 ý., «Natrýumort» 2015 ý., «Bagyr obasy» 2018 ý., «Etýut» 2024 ý., «Siren gül» 2025 ý., «Ak güller» 2023 ý., «Gülälekler» 2022 ý., «Bagyň güli» 2020 ý., «Köýten obasy» 2018 ý., «Gerkez irden» 2025 ý., «Günebakar» 2028 ý., «Gelin.Aýjemal» 2025 ý., «Gerkez» 2015 ý., «Güller» 2023 ý., «Aşgabat şäher» 2024 ý.,    «Düýeler» 2018 ý., «Ýanbaş obasy» 2023 ý., «Günortan» 2023 ý., «Narlar» 2021 ý. ýaly eserleri bellenmäge mynasypdyr.  

Suratkeşiň döreden sungat eserleriniň ählisinde watana bolan mukaddes söýgi içgin duýulýar.  Ýaş suratkeşiň döredijiligini milli peýzažlar, buýsançly taryhymyz, milli gymmatlyklarymyz  bilen bagly nakgaşçylyk taslamalary bezeýär. Nakgaşçylyk taslamalaryň reňk çözgütleri özüniň baýlygy, türkmen tebigatynyň dürli pasyllardaky gözelligi hakyky suratkeşiň dünýäsinden syzylyp çeper mazmuna ýugrulyp beýan edilýär. Türkmen tebigaty hakykatçyl ýazylyp, impersionizm akymynyň täsirleri içgin duýulýar. Dag peýzažy, oba peýzažy, taryhy ýadygärliklerimiziň gözel keşbi suratkeşiň döredijiliginiň esasy bölegini tutýar. Sungat eserleri synlap suratkeşiň tebigaty we watanyny söýýändigine we tebigatyň tükeniksiz baýlyklaryndan ylham alýandygyna göz ýetirýärsiň. Tebigat bilen içgin söhbet gurap ony kendire ussatlyk bilen siňdirmek suratkeşiň halypa gören şägirtdigini aňladýar. Suratkeşiň milli peýzažlarynda türkmen tebigatynyň sada gözelligini içgin, şahyrana äheňde süýjilik bilen çeper beýan edilýär. Suratkeşiň eserlerini synladygyňça ruhy lezzete baý lezzet alýandygyňy duýýarsyň. Ýaş suratkeşiň eserlerini synlamak halypa suratkeşlerde halypa buýsanjyny oýaryp, suratkeşiň döredijilik geljegine beýik ynam döredýär.

Suratkeş öz eserlerinde watanymyzyň sada hem gözel tebigatyny çeper beýan edip, ony sungat  muşdagyna ýetirýär.  Suratkeşiň peýzaž eserleri ynsanyň ruhy dünýäsini lezzetlendirip, sungat eserleri ussatlarça ýerine ýetirlipdir. Suratkeşiň eserlerini synlamak çeperçilik taýdan bilim alýan ýaşlar üçin örän ähmiýetli bolar. Sungat eserleriniň ählisinde çeperçilik akymlarynyň sazlaşykly ulanylmagy suratkeşiň çeperçilik biliminiň ýokarlygyny açyp görkezýär.  Sergide  Suratkeş Şagylyç Ataýewiň 140-den gowrak nakgaş eserleri görkezilýär.

Maýa Halykberdiýewa,

 Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we
şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň hünärmeni.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok