Ukrainada bilim alýan türkmen talyplary we şol ýerde ýaşaýan türkmen raýatlary, Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasynyň Kiýewde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli şenbe güni guran sport-sagaldyş çäresine gatnaşdy. Bu barada ýurdumyzyň ilçihanasy habar berýär.
Çäräniň dowamynda göreşiň dürli görnüşleri, el göreşi, ştanga götermek, agram daşyny dürli usullar bilen götermek ýaly ýaryşlar geçirildi. Şeýle-de gatnaşyjylar gysga hem-de uzak aralyga ylgamak boýunça bäsleşdiler. Sport çäreleri küşt we şaşka ýaly aň-paýhas oýunlary bilen jemlendi.
Bu çäreler Türkmenistanda yzygiderli geçirilýän giň gerimli sport we medeni çäreler bilen utgaşykly geçirildi. Ukrainadaky türkmen ýaşlary bu bäsleşiklere uly höwes bilen gatnaşdylar.
Çärä gatnaşyjylar sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmegiň we sporty goldamagyň ähmiýetini aýratyn nygtadylar.
Ýaryşlara gatnaşyjy ýaşlar bilen birlikde, Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň işgärleri hem çykyş edip, bedeni, ruhy we aň taýdan kämil ýaş nesli kemala getirmegiň döwlet syýasatynyň möhüm ugrudygyny bellediler.
Seýitbibi JUMAKULOWA,
Çärjew etrap Farap şäher Çagalar we
ýetginjekler döredijilik öýüniň gurnak ýolbaşçysy.
Teswirler