Buýan köküniň 537 tonnasy öndürildi

Türkmenabadyň S. A. Nyýazow adyndaky «Buýan» obasenagat toplumynda buýan köküni we onuň ekstraktyny öndürmekde netijeli işler alnyp barylýar. Toplumda şu ýylyň ýanwar — fewral aýlarynyň meýilnamasy üstünlikli berjaý edildi.

Has takygy, bu döwürde buýan köküniň 537 tonnasy, buýan köküniň ekstraktynyň bolsa 255 tonnasy öndürildi. Degişli döwürde 4 million 180 müň 537 manatlyk iş edildi. Şeýle-de geçen iki aýda buýan köküniň 860 tonnasy, ekstraktyň hem 805 tonnasy eksport edildi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok