ÜNS BERIŇ: «IT bootcamp okuwy» geçirilýär

Ýaşlaryň arasynda hünär kämilleşdirmek maksady bilen «IT bootcamp okuw maslahaty» geçirilýär.

Bu okuw maslahatyna gatnaşmak üçin ýaşy 18-den uly bolan islendik Türkmenistanyň raýaty saýlanyp biler.

Dalaşgärler online hasaba alyş formuny doldurmaly. Şeýle-de portfolio (öňki eden işleri barada maglumat) faýlyny hem goşundyda üpjün etmeli.

📌 Google Forms linki: https://forms.gle/duMC2BVgzSecnJn67

  • Hasaba alyş üçin soňky sene: 07.04.2025
  • Saýlama tapgyrynyň döwri: 08.04.2025 – 20.04.2025
  • Okuw döwrü: 21.04.2025 – 14.07.2025

Dalaşgärleriň programmirleme boýunça tejribeliligi talap edilýär. Basic Knowledge (başlangyç sowatlylyk), Computer Science Concept (kompýuter ylmynyň konsepsiýasy), algoritm (Leetcode) boýunça sowatlylyk derejesini delillendirmeli.

Hasaba alyş tapgyrynda saýlanan dalaşgärler, ikinji saýlama tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanar. Bu tapgyrda tehniki synag we söhbetdeşlik geçirilýär:

  • Tehniki synag: Computer Science Concept (kompýuter ylmynyň konsepsiýasy) boýunça synag.
  • Algoritm söhbetdeşlik: Leetcode ýönekeý ýumuş bilen algoritm ukybynyň barlagy (ýüzbe ýüz ýa-da onlaýn).

Saýlama tapgyrlarynyň netijesinde 20 (ýigrimi) dalaşgär 3 (üç) aýlyk «IT bootcamp okuw maslahatyna» gatnaşmaga hukuk gazanar.

Okuw maslahaty dalaşgärler üçin tölegsiz geçiriler. Maslahatyň netijesinde delilnama ýa-da şahadatnama BERILMEÝÄR.

Okuw maslahaty Aşgabat şäherinde “Baky tylla” bilim merkeziniň okuw binasynda geçiriler. Dalaşgärleriň ulag, iýmit, ýaşaýyş jaý we beýleki şahsy harajatlary öz jogapkärçiliginde bolup, guramaçylar tarapyndan bu harajatlara serişde üpjün edilmeýär.

Aşgabat şäherinden beýleki welaýatlardaky dalaşgärler üçin okuw maslahatyna onlaýn gatnaşmak üçin mümkinçilik dörediler. Bu dalaşgärleriň internet ulgamyna ýokary hilli aragatnaşyk mümkinçiligi bilen baglanmak maslahat berilýär.

Okuw maslahaty Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň ýanynda Ýaş telekeçiler merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkeziniň Geňeşiniň ýanynda Maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik hereketiniň işleri boýunça Merkeziniň bilelikde guramagynda geçirilýär.

Okuw maslahatynyň guramaçylygyna «Baky tylla» bilim merkezi, «Belet» we «Nusga Consulting» kärhanalary ýardam berýär.

Habarlaşmak üçin:

📍 Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň ýanyndaky Ýaş telekeçiler merkezi

📞 +993 63 952292
📧 gadam.merkezi@gmail.com
🌍 www.tstp.gov.tm

📍Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkeziniň Geňeşiniň ýanynda Maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik hereketiniň işleri boýunça Merkezi

📞 +993 63 500084
📧 juwan.mbb.merkez@gmail.com
🌍 www.yashlar.gov.tm

📍“Baky Tylla” bilim merkezi

📞 +993 64 445894
📧 baky.tylla@gmail.com
🌍 www.bakytylla.com
📧 @baky_tylla

📍 “Nusga Consulting”
📞 +993 65 252105
📧 umit@nusga.org
🌍 www.nusga.org

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok