Nebitgaz pudagynda gazanylanlara bagyşlanan döredijilik bäsleşigi yglan edildi

Türkmenistanda nebitgaz pudagynda gazanylanlara bagyşlanan «NEBIT-GAZ — BAÝLYGYM, HAZYNA-GENJIM, WASPYŇ ETSIN DILLER, SAŇA BUÝSANJYM!» atly bäsleşik yglan edildi. Bäsleşigi “Türkmengaz” DK, Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň işgärleriniň Kärdeşler Arkalaşygy “Nebit-Gaz” gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde yglan etdi.

Bäsleşik Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli geçirilýär. Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň kärhanalarynyň işgärleri “Nebit-Gaz” gazetinde pudakda gazanylan üstünliklere bagyşlanan iň gowy oçerklerini, makalalaryny, fotoreportažlaryny, goşgularyny we hekaýalaryny çap edip bilerler.

Bäsleşigiň maksady Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň işini çeper beýan etmek, işgärleriň önümçilik zähmetine bolan höwesini artdyrmak, Türkmenistanyň Prezidentiniň kesgitläp beren wezipeleri ýerine ýetirmekde ýokary ykdysady görkezijileri wagyz etmek bolup durýar.

Bäsleşige gatnaşyjylar habarlaşmak üçin maglumatlaryny goşup, materiallaryny “Nebit-Gaz” gazetine ibermeli. Işler ýylyň dowamynda gazet sahypalarynda çap edilip durlar. Bäsleşigiň jemleri boýunça üç sany birinji, üç sany ikinji we üç sany üçünji ýeriň eýeleri gymmat bahaly sowgatlary we Hormat hatlaryny alarlar.

Bäsleşigiň jemleri 2025-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününde jemleniler.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok