Döwürlere hem nesillere nusgalyk çäre

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmäge gönükdirilen asylly başlangyçlary kemal tapýar. Berkarar ýurdumyzda her ýyl ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek asylly däbe öwrülip, munuň özi eziz Diýarymyzyň bagy-bossanlyga öwrülmegine uly goşant bolup hyzmat edýär. Şeýle döwlet ähmiýetli möhüm çäreler bolsa mähriban halkymyzyň gözel hem baý tebigatymyza bolan guwanjyny, buýsanjyny has-da artdyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bag nahalyny oturdyp, güýzki ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga bermegi tutuş ýurdumyz boýunça ýaýbaňlandyrylan bu asylly çäräniň ähmiýetini has-da ýokarlandyrdy. Parasatly pederlerimiziň, paýhasly ene-mamalarymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala getiren şeýle milli dessurlarynyň häzirki zamanyň ruhuna laýyk derejede ösdürilmegi döwletlilikden nyşandyr. Bu ähmiýetli dabara gatnaşyjylaryň ählisi hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň göreldesine eýerip, bag nahallaryny ekdiler.

Ýurdumyzda täze seýilgähleriň, tokaý zolaklarynyň döredilmegine, sahawatly topragymyzyň ösümlik dünýäsiniň baýlaşmagyna, ekologik howpsuzlygyň berkidilmegine we şunuň bilen birlikde amatly howa şertiniň hem emele gelmegine bag nahallaryny ekmek çäreleri uly ýardam berýär. Daşky gurşawyň köpdürlüligini goramak boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilmegi ýer ýüzüniň häzirki we geljek nesilleriniň abadançylygynyň bähbidine ählumumy ekologik meseleleriň oňyn çözülmeginiň kepilidir. BMG we beýleki iri halkara düzümler bilen howanyň üýtgemegi ýaly möhüm ugurdaky ýola goýlan hyzmatdaşlyk döwletimiziň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Türkmenistan ýurdumyzyň ýokary derejeli forumlarda öňe sürýän başlangyçlary halkara bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Paýtagtymyz Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak, BMG-niň Suw strategiýasyny, BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak, Aral meselesini BMG-niň işiniň aýratyn ugry hökmünde kesgitlemek, Hazar deňziniň ekologik abadançylygyny gorap saklamak ýaly teklipler öňe sürüldi. Ýurdumyzyň döwlet tebigy goraghanalarynyň hem-de çäkli goraghanasynyň çöl ekoulgamynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi-de bularyň aýdyň mysalydyr. Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goşandy üçin degişli güwänama mynasyp bolmagy hem eziz ýurdumyzyň ekologiýa diplomatiýasyny ösdürmekdäki nobatdaky üstünligidir, mähriban halkymyzyň ene ýeri, ajaýyp tebigaty goramak ugrunda alyp barýan yhlasly, tutanýerli zähmetiniň ýokary baha eýediginiň aýdyň güwäsidir.

Firuza DOSÇANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok